Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanda täjik oppozisiýasynyň agzasy Ismoil Holow tussag edildi


Ismoil Holow
Ismoil Holow

Ermenistanda Täjigistanyň prezidentine garşy durýan oppozisiýa hereketiniň, “24 toparynyň” agzasy Ismoil Holow tussag edildi diýip, Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy/Ozodi radiosy habar berdi.

Ol Ermenistan bilen Gürjüstanyň serhedinde tussag edildi. “Bagrataşen” serhet postunyň wekili Holowyň täjik häkimiýetleri tarapyndan gözlenilýändigi sebäpli tussag edilendigini aýtdy.

"Häzir onuň işi gözden geçirilýär, indiki kararyň näme boljakdygy entek belli däl. Hemme mesele kazyýet tarapyndan çözüler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu iş boýunça beýleki jikme-jiklikler belli däl. Žurnalistler Holowyň özi bilen habarlaşyp bilmedi.

XS
SM
MD
LG