Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji žurnalisti polisiýa garşy zorlukda aýyplanyp, iki ýyl tussaglyga höküm edildi


Mzia Amaglobeli
Mzia Amaglobeli

Batumi şäher kazyýeti žurnalist we "Batumelebi", "Netgazeti" neşirlerini esaslandyryjy Mzia Amaglobeli jemgyýetçilik tertibini goraýan adama garşylyk görkezmek, oňa garşy haýbat atmak ýa-da zorluk aýyplamalary bilen iki ýyl azatlykdan mahrum etdi (Jenaýat kodeksiniň 353-nji maddasy). Bu habary ilkinji bolup "Eho Kawkaza" neşiri habar berdi.

Amaglobeli 2025-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda, gije tussag edildi. Ol ilkinji gezek "Iş taşla" diýen ýazgyly stikeri ýelmändigi üçin administratiw esasda tussag edilip, iki sagat töweregi wagtdan soň boşadyldy.

Ýöne tiz wagtdan, ýerli polisiýanyň ýolbaşçysy Irakli Dgebuadzeniň ýüzüne urandygy üçin diýlip, ýene-de tussag edildi.

Hökümete tarapdar habar beriş serişdeleri Mzia Amaglobeliniň Dgebuadzä şarpyk çalýan pusadyny görkezýän wideodan bölek görkezdi. Wideoda ses ýok, şonuň üçin Batumi polisiýa müdiriniň oňa bu wakadan öň näme diýendigi belli däl.

Kazyýetde geçirilen diňlenişik wagtynda Dgebuadze bu zarbadan soň agyry duýandygyny ýaňagynyň gyzandygyny aýtdy. Amaglobeli onuň özüni masgaralap, ýüzüne tüýküren adam garşy reaksiýa bildirendigini aýtdy. Aklawçylar žurnalistiň bu işde günäkärdigini görkezýän hiç hili obýektiw subutnamanyň ýokdugyna we bu aýyplamanyň syýasy sebäplidigine ynanýar.

XS
SM
MD
LG