ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp "indiki hepde" Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmakçy bolýar diýip, “The New York Times” öz çeşmelerine, Trampyň Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski, birnäçe ýewropa lideri bilen eden gürrüňleriniň mazmunyny bilýän adamlara salgylanyp ýazýar.
Bu telefon gürrüňi 6-njy awgustda, Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň Kremlde şol gün Putin bilen geçiren gepleşikleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirildi.
AFP habar gullugynyň habaryna görä, bu söhbetdeşlige Tramp bilen Zelenskiden başga, NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte, german kansleri Fridrih Merz, britan premýer-ministri Keir Starmer we Finlandiýanyň prezidenti Aleksandr Stubb gatnaşdy.
ÝB hökümet çeşmesi CNN neşiriniň beren soragyna jogap berip, söhbetdeşligiň mazmunyny tassyklady.
“Bild” çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Tramp Putin-Witkoff gepleşiklerini "garaşylanyndan has netijeli" diýip atlandyrypdyr. Trampyň özi "TruthSocial" sosial ulgamynda bu duşuşygyň dowamynda “uly ilerlemäniň” gazanylandygyny ýazdy.
Wladimir Putiniň daşary syýasat boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow Waşington bilen Moskwanyň ýakyn günlerde ABŞ-nyň prezidenti bilen Russiýanyň prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.