Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Zaporižiýa hüjüm edip, 2 adamyň ölümine, 12 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Rus goşunlary 6-njy awgustda, irden Zaporižiýa sebitine hüjüm etdi.

Zaporižiýa sebit harby administrasiýasynyň başlygy Iwan Fedorowyň sözlerine görä, rus hüjümi netijesinde iki adam wepat boldy.

Ukrainanyň Döwlet gyssagly kömek gullugy 12 adamyň, şol sanda iki çaganyň ýaralanandygyny kesgitledi.

Kömek gullugynyň habaryna görä, rus harbylary Zaporižiýa etrabynyň ilatly nokatlarynyň birinde ýerleşýän dynç alyş merkeziniň çägini bombalady.

Azyndan dokuz bina zyýan ýetdi. Wakanyň bolan ýerinde gyssagly kömek gulluklary işleýär.

XS
SM
MD
LG