Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň ýörite wekili Kremlde Putin bilen gepleşik geçirýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen görüşýär. Arhiw suraty
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen görüşýär. Arhiw suraty

Kremlde ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky duşuşyk başlandy.

Stiw Witkoff Moskwa 6-njy awgustda, irden geldi.

Bu duşuşyk Trampyň Russiýanyň öňünde goýan möhletiniň gutarmazyndan bir gün öň bolar.

Tramp Moskwanyň öňünde 8-nji awgusta çenli Ukraina bilen ýaraşyk baglaşmak talabyny goýup, bu talap ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda Russiýadan we onuň söwda hyzmatdaşlaryndan ABŞ-a iberilýän harytlara 100% paç goýmak haýbatyny atdy. Hususan-da, Hindistana we Hytaýa ikinji derejeli sanksiýalaryň howp salmak ähtimallygy ýaňzydyldy.

"Financial Times" gazeti ikinji gün Waşingtonyň ultimatum möhleti gutaranyndan soň Russiýanyň tanker flotuna garşy täze sanksiýalary girizip biljekdigini habar berdi. Gazetiň çeşmeleri Tramp administrasiýasynyň tanker sanksiýalaryna ýönekeý, ilkinji ädim hökmünde seredýändigini aýdýarlar.

Sanksiýalaryň düýp manysy Günbatar ýurtlary bilen baglanyşykly kompaniýalara rus nebitiniň her barrelini 60 dollardan ýokary bahadan satyn almagyň we ýüklenen tankerleri ätiýaçlandyrmagyň gadagan edilmeginden ybarat bolar.

XS
SM
MD
LG