Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Awazada geçirilýän halkara maslahata gatnaşdy


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow malahata gelen resmiler, Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Kobahidze, BMG-niň Baş sekretary Antonio Gutiérriş dagy bilen
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow malahata gelen resmiler, Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Kobahidze, BMG-niň Baş sekretary Antonio Gutiérriş dagy bilen

Türkmenistanyň prezidenti BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşdy diýip, türkmen metbugaty 5-nji awgustda habar berdi.

Şol gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi.

Foruma döwlet we hökümet baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan 160-dan gowrak metbugat wekili geldi.

XS
SM
MD
LG