Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Ukraina 108 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Rus goşunlary 8-nji awgusta geçilýän gije Ukraina 108 sany pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi, olaryň 82 sanysy urlup ýykyldy diýip, Ukrainanyň Howa güýçleri habar berdi.

Ukrain goşunynyň habaryna görä, 26 pilotsyz uçaryň 10 ýere zarba urandygy, sekiz ýerde bolsa, pilotsyz uçarlaryň galyndylarynyň gaçandygy hasaba alyndy.

Kiýew sebitiniň Buça etrabyna edilen hüjüm netijesinde hususy sektorda ýangyn turdy, zyýan ýeten jaýlar bar, üç adam ejir çekdi. Sebit administrasiýasynyň başlygy Nikolaý Kalaşnik 16 ýaşyndaky gyzyň, 56 we 80 ýaş aralygyndaky aýallaryň ýaraly bolandygyny aýtdy. Ol öz telegram kanalynda ýaralaryň agyr däldigini, ýeňildigini belledi.

Sumy sebitiniň Sumy jemgyýetinde ýaşaýyş jaýy bolmadyk binalara, dükana we awtoulaga zyýan ýetdi.

Harby dolandyryşyň başlygy Oleg Grigorow 54 ýaşly bir adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Lukmanlar oňa ýerinde saglyk kömegini berdiler.

Şostka jemgyýetinde birnäçe köp gatly bina, awtoulaglara we durmuş pudagy desgalaryna zyýan ýetdi. Ýeten zyýanlaryň derejesi anyklaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG