Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek azlyklary Türkmenistanda özbek dilli synplaryň açylmagyny sorap, ýüzlenme kabul edýär


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (çepde) we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy özbek liderine döwlet ordenini gowşurýan mahaly, ýurtda ýaşaýan özbek azlyklarynyň wekilleri türkmen mekdeplerinde öz ene dillerinde okadylýan synplaryň açylmagyny sorap, döwlet baştutanlaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretaryna ýüz tutýarlar.

“Häzirki wagtda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde çagalary birinji synpa kabul etmek kampaniýasy dowam edýär. Şu döwürde ýurduň sebitlerinde kowçum bolup ýaşaýan milli azlyklaryň, ilkinji nobatda, özbek azlyklarynyň wekilleri Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň hiç bolmanda, Şabat, Köneürgenç, Köýtendag, Amyderýa, Kerki etraplarynyň, Daşoguz we Türkmenabat şäherleriniň hersinde azyndan 1-2 sany özbek dilinde okadylýan synplary we özbek dili we edebiýaty dersleri öwredilýän synplary açmagy sorap, türkmen ýolbaşçylaryna, şol sanda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle-de Awazada häzirki wagtda halkara maslahatyna gatnaşýan BMG-niň baş sekretary Antonio Guterrişe we Türkmenistanyň bilim ministrine ýüzlenýärler” diýip, özbek azlyklarynyň ençeme wekili aýdýar.

Olar özleriniň taýýarlan ýüzlenmelerinde raýatlaryň öz ene dillerinde bilim almak hukuklarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Bilim hakynda Türkmenistanyň kanunynda kepillendirilýändigine ünsi çekýärler.

2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Ilat ýazuwynyň netijelerine görä, etniki özbekler Türkmenistanyň umumy ilatynyň 9,1 göterimini emele getirýärler.

Resmi statistikalara görä, Türkmenistanda 642 müňden gowrak özbek ýaşaýar we olardan 470 müň adam öz ene dilini özbek dili hökmünde, 170 müň sanysy bolsa, öz ene dilini türkmen dili hökmünde kesgitleýär.

Özbek ilatynyň agramly bölegi Daşoguz welaýatynda mesgen tutup, bu welaýatda 490 müň çemesi etniki özbek ýaşaýar. Lebap welaýaty özbek ilatynyň sany boýunça ikinji orunda gelýär we bu sebitde 136 müň çemesi adam öz etniki gelip çykyşyny özbek hökmünde bellige aldyrypdyr.

'Ýerli resmiler garşy däl'

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan özbek diasporalarynyň wekilleri welaýat bilim resmileriniň sebitlerde özbek synplarynyň açylmagyna garşy däldigini, ýöne olaryň bu babatda merkezden, Aşgabatdan buýruga garaşýandyklaryny aýdýarlar.

“Häzirki wagtda biz diňe ýokardan, Bilim ministrliginden resmi rugsada garaşýarys, eger-de ministrlik özbek synplaryny açmaga rugsat berse, biz şol wagtyň özünde synplary açmaga taýýar, sebäbi, häzirki wagtda iş ýüzünde etniki özbekleriň kowçum bolup bolup ýaşaýan ýerlerindäki mekdeplerde özbek dilli mugallymlaram, okuwçylaram ýetik, eger-de şu ýyl birinji synplarda özbek dilli synplary açsak, ýanwara çenli birinji synpa gerekli kitaplary we gollanmalary özbek dilinde neşir etmek hem mesele däl” diýip, özbek azlyklarynyň wekiller sebit häkimiýetleriniň özlerine aýdan sözlerini sitirleýärler.

Ýerli resmiler iki ýurduň arasynda bilim hakynda baglaşylan şertnamalara salgylanyp, şeýle resminamalaryň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýändigini aýdýarlar.

“Türkmenistanyň Bilim ministrligi kitap meselesi boýunça Özbegistanyň Bilim ministrligine ýüz tutsa, eýýäm indiki okuw ýylyna çenli 2-4 synplar üçin okuw kitaplarynyň aglabasyny çap edip bolar. Bu meselede diňe ýurt baştutanynyň we Bilim ministrliginiň ýekeje buýrugy ýetik” diýip, daşoguzly ýaşaýjylar ýerli bilim resmilerini sitirleýärler.

Türkmenistan we Özbegistan özleriniň daşary ýurtlarda ýaşaýan diasporalaryna arka çykmagy, olara hemaýat bermegi döwlet syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlemeýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolýan özbek lideri Şawkat Mirziýoýewi “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” döwlet ordeni bilen sylaglady.

Türkmenistanda ýaşaýan özbek azlyklarynyň wekilleri öz ýüzlenmelerinde Mirziýoýewe-de ýüz tutup, Türkmenistanda özbek synplarynyň açylmagyna rugsat berlen halatynda, olaryň özbek dilli kitaplar bilen üpjün edilmegine goşant goşmagy haýyş etdiler.

'Möhüm mesele'

“Häzirki wagtda halkara dartgynlylygynyň we galagoply ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe iki ýurduň arasynda özara ynanyşmak we düşünişmek möhüm bolup durýar” diýip, Türkmenistanda ýaşaýan özbek diasporasynyň wekilleri aýdýar.

Olar Özbegistanda türkmen dilli raýatlar üçin döredilen okuw we bilim mümkinçiliklerine ünsi çekip, özleriniň birmeňzeş tagallalaryň Türkmenistanda hem durmuşa geçirilmegine garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Özbegistanyň resmi statistikalaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda bu ýurduň ýokary okuw jaýlaryna 2622 türkmenistanly talyplyga kabul edilip, Türkmenistan daşary ýurt döwletlerinden bolan studentleriň sany boýunça ikinji orny eýeläpdir. Özbegistanda bilim alýan daşary ýurt raýatlarynyň sany boýunça Hindistan birinji orunda gelýär. Ýylyň birinji ýarymynda özbek ýokary okuw jaýlaryna 2780 sany hindi okuwa ýazylypdyr.

"Indi bar ynamymyz – ýurt baştutanlarynyň gumanitar meseledäki ynsanperwerligi we goňşy Özbegistanyň bu meselede türkmen tarapy bilen oňyn gepleşikleri bolup durýar" diýip, kerkili mugallyma aýdýar.

Azatlyk Türkmenistanda ýaşaýan etniki azlyklaryň çagalarynyň öz ene dillerinde bilim almak mümkinçilikleri boýunça Bilim ministrliginden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, özbek dilli mekdepler ýapylyp başlandy, şeýle çäreler 2000-nji ýyllaryň başlarynda has-da güýçlendi.

Azatlyk Radiosy ýurtda ýaşaýan etniki azlyklaryň, şol sanda özbek azlyklarynyň hukuklarynyň töweregindäki meselelere ýakyndan esewan edip gelýär.

Dürli çeşmelerde Özbegistanda 44 sany türkmen dilli mekdepleriň hereket edýändigi aýdylýar. Etniki özbekler bu ýagdaýa jogap hökmünde, Türkmenistanda hem özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan şäherlerinde hiç bolmanda 1-2 sany özbek dilli synplaryň açylmagyny haýyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG