Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep mugallymlary dynç alyş wagtynda işe çykmaly edildi - Çeşmeler


Birinji synpa gelen cagalar ene-atalary bilen. Arhiw suraty
Birinji synpa gelen cagalar ene-atalary bilen. Arhiw suraty

Azatlygyň habarçysy ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň resmi zähmet rugsatlary wagtynda, awgust aýynyň başyndan işe çykmaly edilendigini habar berýär. Emma bu maglumaty resmi taýdan tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmaýar.

Türkmenistanda mugallymlaryň hökümet tarapyndan gurnalýan dürli köpçülik çärelerine, oba hojalyk işlerine, şol sanda saýlaw işlerine çekilmegi we goşmaça hak tölenmezligi adaty zat hasaplanýar.

Resmi taýdan zähmet rugsadyna çykan pedagoglaryň näme sebäpden işe çykarylandygy düşündirilmeýär, mugallymlar diýlen zady etmekden başga çäre tapmaýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen magaryf işgäri aýtdy.

"Mugallymlar tölegsiz işe çykmaga borçly edildi”

“Ähli mugallym, awgust aýynyň başyndan başlap, Bilim ministrliginiň dilden beren görkezmesi esasynda, tölegsiz işe çykmaga borçly edildi” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen mugallym aýtdy.


Onuň tassyklamagyna görä, mugallymlardan ir sagat 8-den agşam sagat 16-a, 17-ä çenli iş ýerlerinde bolmak talap edilýär.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen mugallymlar synp otaglarynda oturyp, wagtlaryny boş geçirenleri bilen halka, hökümete hiç bir haýyr getirmeýändiklerini aýtdylar.

“Synp otaglarynda oturyp, çaý içip, wagtymyzy boş geçirýäris. Bizi bu wagtdan, okuwlar başlanmanka işe çykmaly etmeklerinde näme many bardygyna düşünmeýäris” diýip, mugallymlaryň biri öýde müň işiniň bardygyny, galyberse, dynç alyş wagtynda çagalary, dost-ýarlary bilen bile dynç alasynyň gelýändigini aýdyp, nägileligini bildirdi.

Şu aralykda, mugllymlaryň käbiriniň ene-atalara jaň etmekleri netijesinde, täze okuw ýylynda çagalaryň mekdebe ellerine ak gül desselerini alyp gelmeli edilmekleriniň hem ähtimaldygy baradaky çaklamalar peýda boldy.

Ene-atalaryň "ak gül" aladasy

Azatlygyň habarçysy, birnäçe çagasy mekdepde okaýan enä salgylanyp, Arkadag şäherinde ýaşaýan adamlaryň mekdep çykdajylarynyň ak gülli gelmek ýaly täze talaplaryň hasabyna hem ýokarlanmagyndan alada edilýändigini, sebäbi döwlet çäresinde talap edilse, ak gülleriň hem bahasynyň gymmatlajakdygyny aýtdy.

Azatlygyň çeşmesi Arkadag şäheriniň mugallymlarynyň, synp ýolbaşçylarynyň özlerine degişli çagalaryň hossarlaryna jaň edip, birinji sentýabrda okuwçylaryň mekdebe hökmany suratda elleri ak güllerden baglanan çemenli gelmegini tabşyrýandygyny tassyk etdi.

Ýöne bu hili tabşyryň beýleki şäherleriň mugallymlary tarapyndan berlip-berilmändigi belli däl.

“Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülen ak güller ‘syýasatyny’ onuň ogly Serdar Berdimuhamedow hem dowam etdirmese ýagşy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aglaba köplügi ýeter-ýetmez şertlerde ýaşaýan adamlaryň bu hili zatlardan ‘gaty nägile bolýandygyny’ hem sözüne goşdy.


Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan öňki pedagog Türkmenistanda mugallymlaryň saýlawlaryň galplaşdyrylmagyndan başlap, dürli köpçülik çärelerine, ýowarlara, bag ekmek işlerine hem çekilýändigini, bu ýagdaýlaryň hemmesiniň olaryň hünär taýýarlygyna we at-abraýyn zyýan ýetirýändigini aýtdy.

“Mugallymlar bu ýagdaýlardan nägile, ýöne olar işlerini ýitirmekden, has mätäç ýagdaýa düşmekden gorkup, öz nägileliklerini açyk aýdyp bilmeýärler” diýip, Aşgabatda 16 ýyllap çaga okadan öňki mugallym aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda pedagoglar iň bir erksiz adamlar bolup, olaryň köp mesele barada öz pikirini aýdyp bilmezligi, hemişe eginlerini gysyp ýaşamagy soňy bilen okadýan çagalaryna hem gylyk-häsiýet, bolmaly bir zat bolup geçýär.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmilerinden düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG