Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin – Witkoff duşuşugy tamamlandy, Ak tamyň Ukraina ýaraşygy boýunça beren wagt möhleti ahyrlaýar


Russiýanyň "Sputin" döwlet agentligi tarapyndan ýaýradylan suratda rus prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffy Moskwada kabul edýär. 6-njy awgust, 2025 ý.
Russiýanyň "Sputin" döwlet agentligi tarapyndan ýaýradylan suratda rus prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffy Moskwada kabul edýär. 6-njy awgust, 2025 ý.

Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili Stiw Witkoff Ak tamyň Ukraina garşy urşy bes etmek, ýogsa-da goşmaça sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmak boýunça Moskwa beren wagt möhletiniň tamamlanmagyna iki gün galanda, 6-njy awgustda rus prezidenti Wladimir Putin bilen Kremlde duşuşdy.

Witkoff bilen Putiniň duşuşygy üç sagat çemesi dowam etdi diýip, rus habar gulluklary Kremli sitirleýär. Taraplar duşuşyk barada bada-bat teswir bermedi, Putiniň metbugat gullugy gepleşikleriň jikme-jiklikleri barada bada-bat habar bermedi.

Witkoff Moskwa baranda Russiýanyň maýa goýum wekili we inwestisiýa gaznasynyň başlygy Kiril Dmitriýew tarapyndan garşylandy. Döwlet eýeçiligindäki TASS habarlar agentliginiň wideosynda olaryň Kremliň daşyndaky seýilgähde ýöräp barşy görkezilýär.

ABŞ prezidenti Donald Tramp Russiýa garşy paç goýmak, şeýle-de rus nebitini satyn alýan ýurtlara, şol sanda onuň iň iri alyjylary bolan Hytaýa we Hindistana, ikinji derejeli sanksiýalary girizmek bilen haýbat atdy. Putiniň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy girişen giň gerimli çozuşyny bes etmegine garaşylmaýar.

Witkoffyň Moskwa barmagyndan birnäçe sagat ozal, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski “indi ruslaryň öz hüjümlerini has intensiwleşdirmäge synanyşýandygyny” aýtdy.

Russiýa 6-njy awgustda Ukrainanyň Zaporižýe sebitinde birnäçe ýere howa zarbalaryny urdy. Sebitiň harby administrasiýasynyň ýolbaşçysy Iwan Fedorow hüjümde iki adamyň öldürilip, 12 adamyň şikeslenendigini Telegramda aýtdy. Şikes alan adamlaryň dördüsi çaga.

Bulardan başga-da, Russiýa Birleşen Ştatlardan we Azerbaýjandan suwuklandyrylan gaz import etmäge niýetlenen gaz bekedine zarba urdy, diýip Zelenski we Ukrainanyň energetika ministri aýtdy. Moskwa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky wagtlarda erbetleşýär.

“Bu, ýangyç sektoryny, Azerbaýjan, Birleşen Ştatlar we Ýewropdaky hyzmatdaşlar bilen aradaky gatnaşyklary, şeýle-de ukrainlaryň hem-de ýewropalylaryň ählisiniň adaty durmuşyny ýöriteläp, nyşana alýan we arassa raýat desgalaryna edilen rus zarbasydyr” diýip, ministrlik aýtdy.

TASS Russiýanyň Goranmak ministrligini sitirläp, onuň Ukrainanyň harbylaryny ýangyç bilen “üpjün edýän” gas geçiriş desgalaryna hüjüm edendigini aýtdy.

Putin barada barha köp ynjalyksyzlyk beýan edýän Tramp geçen hepde “sanksiýalar giriziler, ýöne olar sanksiýalardan sowulmakda örän ökde ýaly bolup görünýär” diýip, duýduryş berdi.

Ol rus nebitini satyn alýan Hindistana degişli paçlary “ep-esli ýokarlandyrjakdygyny” aýtdy, ýöne Russiýa boýunça beýan eden soňky belliklerinde Hytaý barada aýratyn gürrüň gozgamady.

Tramp, Witkoff Moskwa nähili habar bilen barýar, şeýle-de, Russiýa sanksiýalardan sowulmak üçin bir zatlar edip bilermi diýip, 3-nji awgustda özüne berlen soraga: “Hawa, adamlaryň öldürilmegini bes etmegi üpjün etjek ylalaşygy kabul edip” diýip, jogap berdi.

Kreml bu sapar boýunça köp zat aýtmady. Putiniň metbugat sekretary Dmitri Peskow 4-nji awgustda özleriniň Witkoffy Moskwada kabul etmekden elmydam şat bolýandyklaryny aýtdy. “Biz şeýle konakty möhüm, esasly we peýdaly hasaplaýarys” diýip, ol aýtdy.

Tramp aprel aýynda otuz gün möhleti bolan we uzaldyp bolýan doly ýaraşyk teklip etdi. Ukraina bu ylalaşygy kabul etdi. Ýöne Russiýa özüniň parahatçylyk isleýändigini aýdyp, şol bir wagtda Kiýewiň hem-de köp sanly Ganbatar ýurtlarynyň kabul ederliksiz hasaplaýan birnäçe şertlerini ileri sürüp, ýaraşyk teklibini ret etdi.

Putin Ukrainanyň bitarap galmagyny, şeýle-de onuň harby kuwwatynyň berk çäklendirilmegini, bulardan başga-da, Russiýanyň bölekleýin basyp alyp, esassyz özüniňki hasaplaýan dört sebitini: Donetsk, Luhansk, Zaporižýe we Herson sebitlerini Ukrainadan özüne bermegi talap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG